Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Соңра Давут гелип, Реббиң хузурында отурды-да, шейле дийди: «Я Хөкмүрован Реб, мен ким, мени шейле дереҗә етирер ялы мениң машгалам ким?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.


Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.


Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.


Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Hudaýymyz Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim?


Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.


Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:


Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi.


Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.


Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.


Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ