Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Сениң неслиң хем шалыгың Мениң хузурымда бакы беркарар болар. Шалык тагтың бакы довам эдер“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:16
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen! Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline, elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».


Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.


Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.


Dogrulardan gözüni aýyrmaz, olary şalar bilen tagtda oturdyp, mertebelerini ebedilik beýgeldýär.


Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.


Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar.


«Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.


Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ