Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Халкым Ысрайыла сердарлар беллән дөврүмден бәри сүтем эдишлери ялы, бетгылык адамлар инди олара сүтем этмезлер. Мен сени әхли душманларыңдан горап саклаҗак. Мен-Реб сениң үчин бир өй бина этҗекдигими җар эдйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:11
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut patyşanyň öz köşgünde ornaşan, Rebbiň ony daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan gorap, oňa rahat durmuş beren döwrüdi.


Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?!


„Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.


Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.


Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berşi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!»


Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin.


Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.


Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.


Akyldar zenan öýüni gurýar, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ