Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Давут ве тутуш ысрайыл халкы Реббиң хузурында бар гүйчлери билен серви агаҗындан эдилен дүрли саз гуралларыны: лира, арфа, депрек, кимвалдыр кастанет чалып танс эдйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 6:5
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi maňa bir sazanda getiriň». Sazanda saz çalyp otyrka, Elýaşanyň kalbyna Rebbiň güýji geldi.


Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr liralar we surnaýlar çalyp geldiler.


Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.


Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň.


Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.


Surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň.


Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler.


Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.


Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,


Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.


Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ