Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 6:21 - Mukaddes Kitap

21 Dawut Mikala şeýle diýdi: «Bu seniň ataňyň hem onuň nesliniň ýerine meni saýlan, meni Öz halky Ysraýyla hökümdar eden Rebbiň huzurynda boldy. Hawa, men Rebbiň huzurynda tans etjek.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Давут Микала шейле дийди: «Бу сениң атаңың хем онуң неслиниң ерине мени сайлан, мени Өз халкы Ысрайыла хөкүмдар эден Реббиң хузурында болды. Хава, мен Реббиң хузурында танс этҗек.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 6:21
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.


Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.


Men özümi öňküdenem has kiçeldip, mertebämi peseltjek. Emma seniň diýýän gyrnaklaryň meni şöhrata beslärler».


Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.


Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.


Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.


Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar bellär. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ