Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 6:20 - Mukaddes Kitap

20 Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Давут өз машгаласына пата бермек үчин гайдып гелйәркә, Шавулың гызы Микал өңүнден чыкып, оңа шейле дийди: «Бир болгусызың утанчсызлык билен ялаңачланышы ялы, өз эмелдарларының гырнакларының өңүнде ярым-ялаңачланып, гөр, бу гүн ысрайыл патышасы өзүне нәхили хормат газанды!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 6:20
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.


Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.


Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Hökmürowan Rebbiň adyndan halka pata berdi.


Aýal-erkek diýmän, ysraýyl halkynyň hersine bir çörek, bir bölek et hem-de kişmiş paýlady. Şondan soň tutuş jemagat öýüne dargady.


Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.


Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.


Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Gaty erbet bolma, akmagam bolma. Näme üçin öz wagtyňdan öň ölmeli?


Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi.


Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler.


Isa Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Oňa: «Eý, Agam, Sen meniň aýagymy ýuwjak bolýarmyň?» diýdi.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi.


Ýonatan, Ýişwi we Malkyşuwa Şawulyň ogullarydy. Onuň iki gyzynyň ulusynyň ady Merap, kiçisiniň ady bolsa Mikaldy.


Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ