Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реббиң сандыгы Давут галасына гетириленде, Шавулың гызы Микал пенҗиреден серетди. Давудың Реббиң хузурында бөкҗекләп танс эдишини гөрүп, ол өз янындан Давуда гөвнүетмезчилик билен серетди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 6:16
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi.


Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.


Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler.


Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»


Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.


bize garşy gaharlary ýanyp lowlanda, olar bizi diri ýalmap-ýuwdardy,


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.


Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ