Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Давут непис зыгыр матадан тикилен эфот гейип, Реббиң хузурында бар гүйҗи билен җошуп танс эдйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 6:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler.


Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»


Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy.


Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!


Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Sen meni gabryň düýbünde, tümlükde, çuňlukda goýduň.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr.


Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerini eşidýär.


Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň.


Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.


Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.


Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ