Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давут патыша адамларыны алып, Иерусалимде яшаян ябусларың үстүне йөриш этди. Ябуслар Давуда: «Сен бу ере гирип билмерсиң, хатда көрлердир агсакларам сени ызыңа серпикдирип билерлер» диййәрдилер. Олар Давут бу ере гирип билмез дийип пикир эдйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 5:6
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik Hudaýyň ruhanysy bolan Salim şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi.


Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.


Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.


Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».


Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi.


Iýerusalimiň hany Adonysedek şonuň üçin Hebronyň hany Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire şeýle habar gönderdi:


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.


Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.


Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ