Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шейдип, Ысрайылың әхли яшулулары Хеброна Давудың янына йыгнандылар. Шол ерде Реббиң хузурында Давут патыша олар билен әхт эдишди. Ысрайылың яшулулары Давудың башына яг гуюп, Ысрайыла патыша белледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 5:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Abner Dawuda: «Men gideýin-de, tutuş Ysraýyly şa hezretleriniň ýanyna ýygnaýyn. Seniň öz göwün islegiňe görä şalyk sürmegiň üçin, goý, olar seniň bilen äht baglaşsynlar» diýdi. Dawut Abneri goýberdi, ol sag-salamat çykyp gitdi.


Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada Rebbiň, patyşanyň we halkyň arasynda äht etdi. Şeýle hem patyşa bilen halkyň arasynda-da äht etdi.


Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris.


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler.


Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum.


Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.


Bu zatlaryň hemmesi üçin biz Seniň bilen ýazmaça berk äht edişýäris. Bu möhürli hata baştutanlarymyzyň, lewilerimiziň we ruhanylarymyzyň atlary ýazylýar.


Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.


Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Eglondan Hebrona baryp, onuň üstüne çozdular.


Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi.


Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ