Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ысрайылың әхли тирелери Хеброна Давудың янына барып, оңа: «Биз сениң өз сүегиңден ве тениңдендирис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 5:1
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi. Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň,


Siz meniň garyndaşlarym, siz meniň öz süýegimden we tenimdensiňiz. Şonda-da patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi?»


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.


Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.


Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň.


Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we


Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Eglondan Hebrona baryp, onuň üstüne çozdular.


«Şekemiň ähli ilatyna şuny ýetiriň: Size Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň ýolbaşçylyk edeni gowumy ýa bir adamyň? Meniň öz süýegiňizden we teniňizdendigimi unutmaň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ