Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 4:6 - Mukaddes Kitap

6-7 Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Iordan deresiniň ýoly bilen uzak gije ýörediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6-7 Бу ики доган бугдай алмага гелен кишилер болуп, Ышбошедиң ичине урдулар. Бу, ине, шейле болупды: олар өе гиренлеринде, Ышбошет өз ятян отагында уклап ятырды. Олар онуң үстүне топулдылар-да, оны өлдүрип, келлесини кесип алдылар ве ол ерден чыкып гачдылар. Соңра олар Иордан дересиниң ёлы билен узак гиҗе йөредилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 4:6
5 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.


Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.


Olar nämäniň-nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçdy we ýonulan uly daşyň gapdalyndan geçip, Seýire tarap zym-zyýat boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ