Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 4:5 - Mukaddes Kitap

5 Yşboşet günortan dynç alýarka, Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana günortanyň yssysynda onuň öýüne geldiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ышбошет гүнортан дынч алярка, Риммоның огуллары Рекап билен Багана гүнортаның ыссысында онуң өйүне гелдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 4:5
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.


Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.


Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi.


Siriýalylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar.


Amazýanyň Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwren pursadyndan başlap, Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.


Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ