Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 4:11 - Mukaddes Kitap

11 Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Хей, онсоң сиз – залымлар бир бигүнәни өз өйүнде, өз дүшегинде өлдүрерсиңиз-де, сизи ер йүзүнден ёк эдип, онуң хунуны сизден алмарынмы?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 4:11
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.


Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar.


Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň, halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.


«Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin.


Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.


Ýöne erbetlik edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar.


Erbetleriň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok. Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ