Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 3:9 - Mukaddes Kitap

9-10 Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9-10 Реб Шавулың элинден патышалыгы алҗакдыгына, Дандан Беершеба ченли узалян Ысрайылда хем Яхудада Давудың патышалыгыны беркарар этҗекдигине ант ичди. Инди ол хакда айдыланы ерине етирмесем, гой, Худай маңа-да шоны, хатда онданам бетерини гөркезсин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 3:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.


Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.


Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.


Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin.


Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr:


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Reb meniň üstüm bilen saňa aýdan zadyny etdi. Ol seniň eliňden patyşalygy alyp, ony saňa derek Dawuda berdi.


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ