Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 3:35 - Mukaddes Kitap

35 Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Соңра әхли халк Давудың янына гелип, Гүн батмаздан өң бир затлар гарбанмагы теклип этдилер. Эмма Давут: «Эгер Гүн яшянча чөрек ийсем я-да башга бир зат датсам, Худай маңа-да шоны, хатда ондан-да бетерини гөркезсин» дийип ант ичди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 3:35
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar.


Köşgüň ýaşululary gelip, ony ýerden galdyrmak islediler. Emma ol ne ýerinden turdy, ne-de olar bilen bile nahar iýdi.


Gollaryň bagly däldi, aýaklaryň gandally däldi! Emma zalymlaryň goluna düşen biri kimin heläk bolduň!» Abner üçin tutuş halk ýene-de aglady.


Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy.


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.


Ýas tutýany köşeşdirmek üçin hiç kim onuň bilen çörek iýmez. Ene-atasyny ýitirene teselli käsesinden içirmezler.


Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».


„Siz-de meniň edişim ýaly edersiňiz; sakgalyňyzy örtmersiňiz we ýas çöregini iýmersiňiz.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ