Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.
Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.