Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 3:31 - Mukaddes Kitap

31 Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Давут Ёвап билен онуң янындакы әхли халка: «Якаңызы йыртып, җул гейниң-де, Абнериң ясыны тутуң» дийди. Давут патыша онуң табыдының ызындан йөреди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 3:31
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar» diýdiler.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ