Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Икинҗиси кармелли Набалың дул галан аялы Абыгайылдан болан Килапды, үчүнҗиси Гешур патышасы Талмайың гызы Магакадан болан Абшаломды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 3:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.


Şondan soň Ýowap Geşura gidip, Abşalomy Iýerusalime getirdi.


Patyşa: «Goý, ol öz öýüne gitsin, meniň gözüme görünmesin» diýdi. Şeýdip, Abşalom patyşanyň gözüne görünmän, öz öýüne gitdi.


Abşalom oňa şeýle jogap berdi: «Gelsin diýip, yzyňdan adam iberdim. „Meni Geşurdan näme üçin getirdiň? Ol ýerden gaýtmadyk bolsam, mundan gowy bolardy“ diýip aýtdyrmak üçin, seni patyşanyň ýanyna iberjekdim. Men häzir patyşanyň ýanyna gideýin. Eger günäkär hasaplasa, onda, goý, ol meni öldüräýsin!»


Dört ýyldan soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin.


Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.


Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.


Şunlukda, Dawut özi bilen iki aýalyny – ýizregelli Ahynogamy hem-de karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly alyp, Hebrona gitdi.


Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň?» diýmändi. Adonyýa Abşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy.


Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.


Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel.


Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa;


Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)


Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.


Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.


Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy.


Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ