Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Abner Hebronda oturan Dawuda çapar iberip: «Ýurt kimiňki? Gel, äht baglaşaly, tutuş Ysraýylyň seniň tarapyňa geçmegine menem goldaw bereýin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Абнер Хебронда отуран Давуда чапар иберип: «Юрт кимиңки? Гел, әхт баглашалы, тутуш Ысрайылың сениң тарапыңа гечмегине менем голдав берейин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 3:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.


Bütin Ysraýylyň halky patyşanyň ýanyna gelip, oňa: «Näme üçin garyndaşlarymyz ýahudalar sizi ogurladylar we patyşany maşgalasy hem adamlary bilen bile Iordan derýasyndan geçirdiler?» diýdi.


Sebäbi özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri ýigrendiň. Sen goşunbaşylaryňdyr esgerleriňiň özüň üçin hiç kimdigini bu gün ap-aýdyň etdiň. Eger-de Abşalom diri galyp, biziň ählimiz ölen bolsak, onda seniň şatlanjak ekendigiňe men anyk göz ýetirdim.


Yşboşet Abnerden gorkansoň, oňa jogap gaýtaryp bilmedi.


Dawut: «Bolýar, men seniň bilen äht edişeýin, ýöne bir şert bilen: meniň bilen görme-görşe geleniňde, Şawulyň gyzy Mikaly-da getirersiň, eger getirmeseň, meni görmersiň» diýdi.


Abner Dawuda: «Men gideýin-de, tutuş Ysraýyly şa hezretleriniň ýanyna ýygnaýyn. Seniň öz göwün islegiňe görä şalyk sürmegiň üçin, goý, olar seniň bilen äht baglaşsynlar» diýdi. Dawut Abneri goýberdi, ol sag-salamat çykyp gitdi.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Patyşa adamlaryna ýüzlenip: «Bu gün Ysraýylyň bir beginiň, bir beýik adamynyň ölendigini bilýäňizmi?


Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ