Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 24:25 - Mukaddes Kitap

25 Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Давут ол ерде Реббе гурбанлык сыпасыны гуруп, якма хем саламатлык гурбанлыкларыны берди. Реб юрт үчин эдилен дилеглери кабул этди; гыргын беласы Ысрайылдан совулды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 24:25
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.


Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.


Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.


Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.


Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.


Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn.


Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.


Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Gidegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur.)


Şonda Şawul halka: «Ýakma we salamatlyk gurbanlygy üçin mal getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi.


Şawul ol ýerde Rebbe bir gurbanlyk sypasyny ýasady. Bu onuň Rebbe ýasan ilkinji gurbanlyk sypasydy.


Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.


Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ