Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 24:2 - Mukaddes Kitap

2 Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Патыша Ёваба хем-де гошунбашылара: «Дандан Беершеба ченли ысрайыл тирелериниң әхлисине айланып, олары хасаба алың, маңа илатың саны герек» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 24:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.


Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.


Ýowap Ysraýylyň tutuş goşunyna baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa bolsa keretleriň hem-de peletleriň baştutany boldy.


ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragyny göterýän nökeri beýerotly Nahraý,


Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy.


Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – baş emeldardy,


Dawut Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Gidiň-de, Beýerşebadan Dana çenli bolan ysraýyllary hasaba alyň-da, maňa habar beriň. Maňa ilatyň sany gerek» diýdi.


Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.


Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ