Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 24:16 - Mukaddes Kitap

16 Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Перишде Иерусалимиң халкыны гырмак үчин оңа тарап элини узаданда, Реб йүрегине дүвен бетбагтчылыгыны гойболсун этди. Ол гырян перишдә: «Бесдир! Инди элиңи чек» дийди. Шонда Реббиң перишдеси ябуслардан болан Аравнаның харман ериниң голайындады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 24:16
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.


Şol gün Gat Dawudyň ýanyna baryp: «Bar, ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur» diýdi.


Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.)


Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.


Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.


Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.


Reb muňa-da gaýtmyşym etdi. Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin, dişleriniň arasyndan nejisliklerin. Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar, Ýahudanyň tiresi ýaly bolar, Ekron ýabuslar kimin bolar.


Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Köpçüligiň ony ýazgarmagy onuň üçin ýeterlik jezadyr.


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.


Olar Ýabusa golaýlanlarynda, Gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkär öz hojaýynyna: «Ýör, Ýabusa baraly-da, gijäni şol ýerde geçireli» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ