Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 24:13 - Mukaddes Kitap

13 Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Гат муны Давуда айтды ве оңа: «Юрдуңа еди йыл ачлык гелсинми я үч айлап душманларыңа ковдурып, олардан гачып гезҗекми, я-да юрдуңа үч гүнләп гыргын кесели гелсинми? Пикир эт-де, белли карара гел; мени иберен Реббе берҗек җогабыңы айт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 24:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


«Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt».


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


ýa üç ýyl açlyk, ýa duşmanlaryňyň öňünde üç aýlap derbi-dagyn bolmaklyk, ýa üç gün Rebbiň ýurda inderen gyrgyn keselinden heläk bolmaklyk, Rebbiň perişdesi tutuş Ysraýyl topragyndakylary weýran eder“. Indi birini saýla, men özümi Iberene jogap bermeli» diýdi.


Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!


Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.


«Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.


Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy.


Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.


Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar.


Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.


Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ