Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 24:10 - Mukaddes Kitap

10 Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Илат язувындан соң Давудың йүрегинде ынҗалыксызлык пейда болды. Давут Реббе: «Шу херекетим билен Сениң өңүңде улы гүнә газандым, акмаклык этдим. Өз гулуңы гүнә астында гойма, я Реб! Ялбарярын!» дийип, Реббе йүзленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 24:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler,


Bu iş Hudaýa pis göründi we Ol Ysraýyly jezalandyrdy.


Dawut: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, Sen! Ýalbarýaryn!» diýip, Hudaýa ýüzlendi.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.


Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.


Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine, şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi.


Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ