2 Şamuwel 24:1 - Mukaddes Kitap1 Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап1 Реббиң Ысрайыла ене гаты гахары гелди-де: «Бар, Ысрайыл билен Яхуданың адам саныны бил» дийип, Давуды оларың гаршысына өҗүкдирди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.
Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.