Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ондан соңра үч батыр йигидиң бири ахова уругындан Додоның оглы Элгазардыр. Сөвешмек үчин топланышан пилиштлилере гыҗалат берленде, ол Давудың янындады. Ысрайыллар ыза чекилдилер,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 23:9
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.


Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.


«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.


Men seretdim, kömekçi ýokdy; hiç kimiň Meni goldamaýandygyna haýran galdym. Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi, Öz gazabym Meni goldady.


Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi.


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ