Aýalyň kimdigini bilmek islän Dawut onuň ýanyna adam iberdi. Iberilen gidip gelip, onuň Eligamyň gyzy, het halkyndan bolan Uryýanyň aýaly Batşebadygyny Dawuda habar berdi.
Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.
Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.
Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.