Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.
Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.
Aýalyň kimdigini bilmek islän Dawut onuň ýanyna adam iberdi. Iberilen gidip gelip, onuň Eligamyň gyzy, het halkyndan bolan Uryýanyň aýaly Batşebadygyny Dawuda habar berdi.
Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.
«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.
Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
Goşun Abelbeýtmagaka galasyna çenli tutuş demirgazyk tireleriniň içinden geçdi. Demirgazyk tireleriniň halky jemlenip birleşdiler-de, gala tarap Ýowabyň yzyna düşdi.
Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)
Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.