Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 23:16 - Mukaddes Kitap

16 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шонда үч батыр йигит пилиштлилериң дүшелгесини бөвсүп гечди-де, Бейтуллахамың дервезесиниң янындакы гуюдан сув алып, оны Давуда гетирип берди. Эмма Давут сувдан ичмеди, ол оны Реб үчин ере дөкди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 23:16
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy.


Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler,


Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.


Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal.


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ