Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi.
Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.
Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.
Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».