Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 23:10 - Mukaddes Kitap

10 emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 эмма Элгазар еринден гозганмады; ол сурнугянча, хатда эли гылыҗа елмешйәнчә сөвешип, пилиштлилери гырды. Реб шол гүн бейик еңиш берди. Халк онуң ызына диңе олҗа йыгнамак үчин дүшди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 23:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş berdi.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy,


Goý, onuň nesli kesilsin, geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.


Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.


July eşik edinenimde, olaryň agyz-diline düşdüm.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.


Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi.


Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.


Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.


Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Piliştlileriň yzyndan kowga giden ysraýyllar dolanyp geldiler we olaryň düşelgesini taladylar.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ