5 Ölüm tolkunlary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.
5 Өлүм толкунлары маңа оралды, вейранчылык силлери мени гарбады.
Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.
Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.
Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.