Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary,
Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy.
Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».