36 Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
36 Еңиш галканыңы маңа берйәрсиң, Сениң көмегиң-де мени бейгелдйәр.
Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.
Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.
Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
Bularyň ählisiniň üstesine-de, imany galkan edinip dakynyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.