33 Meniň berk galamdyr Hudaý, kämil ýola atarýar Ol aýypsyz adamy.
33 Мениң берк галамдыр Худай, кәмил ёла атаряр Ол айыпсыз адамы.
«Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.
Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.
Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.
Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.
Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.
Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.
Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
Hudaýyňyz Rebbiň öňünde kämil boluň.
Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.