Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 22:31 - Mukaddes Kitap

31 Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Худай – Онуң ёлы кәмилдир, Реббиң сөзлери сапдыр, Оны пена эдинйәнлериң барына Реб галкандыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 22:31
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Ol Hudaýdan asla gorkmaýar.


Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.


Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.


Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ