Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 22:3 - Mukaddes Kitap

3 Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Худайым – пена эдинйән гаям, галканым, еңшим хем-де беркитмәм. Халасгәрим мени зулумдан халас эйлейәр!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 22:3
52 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.


Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!


Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.


Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen! Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline, elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».


Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş dat-perýadymyň sesini eşit!


Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn, günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin, olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.


Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.


Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.


Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela


Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!


Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!


Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.


Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?


Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.


Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.


Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.


Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.


Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.


Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“.


Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy.


Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede? Hany olaryň bil baglan gaýasy?


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,


Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.


Ol ýene-de şeýle diýýär: «Men Oňa umyt baglaryn». Soňra ýene şeýle diýýär: «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary».


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ