Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.
Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.