2 Şamuwel 22:22 - Mukaddes Kitap22 Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап22 Чүнки мен Реббиң ёлларындан йөредим, Худайымдан айрылмак ялы эрбет иши этмедим. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin.
Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».