19 Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
19 Олар бетбагт гүнүмде гаршыма чыкды, йөне Реб мениң даянҗым болды.
Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.
Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.
Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.
Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.
Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.