17 Ol belentden ýetdi hem meni aldy Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
17 Ол белентден етди хем мени алды Ол мени чуң сувлардан чекип чыкарды.
Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.
Ýa Reb, meniň ýüregimde tekepbirlik ýok, gözlerim hem ulumsylyk bilen garanok, Düşünip bilmeýän juda beýik işlere men ulaşamok.
Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
Çaga ösüp kemala gelende, ol ony faraonyň gyzynyň ýanyna getirýär we faraonyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar.
Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim.
Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.