Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.
Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.