12 Ol Özüne çadyr edindi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni
12 Ол Өзүне чадыр эдинди түмлүги, теләр этди гойы булутларың ягмыр түмүни
Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
Benhadat bu habary eşidende, hanlar bilen çadyrda şerap içip otyrdy. Ol öz esgerlerine: «Nyzama duruň» diýdi. Olar gala hüjüm etmäge nyzama durdular.
Bulutlaryň ýaýradylyşyna, asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.
Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.