Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.
Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir.
Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna geldi. Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen, bilinde ýazuw esbaby bolan adamy çagyryp,
Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.