Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 22:1 - Mukaddes Kitap

1 Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реббиң Давуды әхли душманларындан хем-де Шавулдан халас эден гүни, ол Реббиң шанына шу айдымы айтды:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 22:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men.


Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.


Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.


Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Soňra Musa bu aýdymyň sözlerini tutuş Ysraýyl jemagatyna eşitdirip, iň soňky sözüne çenli okady.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar:


Dawut çöldäki gowaklarda, Zip çölündäki daglykda ýaşady. Şawul ony her gün agtardy, ýöne Reb Dawudy onuň eline bermedi.


Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?


Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyňyz Rebbiň aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin.


Seniň janyň bu gün meniň üçin gymmatly bolşy ýaly, goý, Reb hem meniň janymy gymmatly görsün. Goý, Ol meni ähli bela-beterlerden gorasyn».


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ