Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Йөне Давут патыша өзүниң Ёнатан билен Реббиң өңүнде әхт эдишендиги себәпли онуң оглы Мепибошеде рехим этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.


Ol patyşany garşylamak üçin Iýerusalimden gelende, patyşa oňa: «Mepiboşet, sen näme üçin meniň bilen gitmediň?» diýdi.


Şawulyň ogly Ýonatanyň Mepiboşet diýen iki aýagy-da agsak bir ogly bardy. Ýizregelden Şawul bilen Ýonatanyň öldi habary gelende, ol bäş ýaşyndady. Enekesi juda howlukmaçlyk bilen alyp gaçyp barýarka, ony elinden gaçyrypdy. Şeýdip, çaganyň aýagyna şikes ýetipdi.


Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.


Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.


Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.


Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.


Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla.


Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.


Ýonatan Dawuda: «Ysraýyl Hudaýy Reb şaýat bolsun! Men ertir ýa-da birigün şu wagtlara çenli kakamyň niýetini biljek bolaryn. Eger sen babatda onuň niýeti düzüw bolsa, men saňa habar ýetirerin.


Ýonatan Dawuda özüne bolan söýgüsi üçin ýene ant içirtdi, sebäbi ol Dawudy janyndan hem eziz görýärdi.


Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.


Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?»


Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.


Men ölenimden soň nesillerimi ýok etmejekdigiňe, adymy atamyň neslinden aýyrmajakdygyňa Rebden ant iç».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ