Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.
Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.