Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма Серуяның оглы Абышай оңа көмеге етишди ве пилиштли билен уршуп, оны өлдүрди. Шондан соң Давудың адамлары: «Инди сен бизиң билен биле сөвеше чыкма, гой, Ысрайылың чырасы сөнмесин» дийип, оңа касам этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:17
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar».


Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.


Emma halk oňa: «Ýok, sen gitme, sebäbi eger biz gaçaýsak, olar bize ähmiýet bermezler. Ýarymyz gyrlaýanda-da, olar bize üns berip durmazlar. Sen biziň on müňümize barabarsyň, bize galadan kömek etseň, has gowy bolar» diýdi.


Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.


Ýa Reb, meniň çyram Sensiň, Reb ýagtyldýar meň tümlügimi.


Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin.


Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi.


Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Onsoň Kareýanyň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Gel, men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Bolmasa, ol seni öldürer we ýanyňa ýygnanan ähli ýahudalar dargar. Ýahudada aman galanlar hem heläk bolsunmy?» diýdi.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ