Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:16 - Mukaddes Kitap

16 Piliştlileriň iri nesillerinden Ýişbibenop diýen bir adam bolup, ol agramy sekiz ýüz mysgal bolan bürünç naýza, biline täze gylyç dakynandy. Ol Dawudy öldürmegi ýüregine düwdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Пилиштлилериң ири несиллеринден Йишбибеноп диен бир адам болуп, ол аграмы секиз йүз мысгал болан бүрүнч найза, билине тәзе гылыч дакынанды. Ол Давуды өлдүрмеги йүрегине дүвди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:16
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler.


Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.


Şundan soň ysraýyllar bilen piliştliler Gopda söweşe başladylar. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sap diýen birini öldürdi.


Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.


Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.


Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.


Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.


Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.


Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.


(Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp sanly eýmimler ýaşaýardy.


Olar hem anaklar ýaly rapalar saýylýardy. Emma mowaplar olary eýmimler diýip atlandyrdylar.


Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.


Ysraýyllaryň ýerinde anaklardan ýekejesi hem galmady. Diňe Gazada, Gatda we Aşdotda olaryň ýek-tüki galdy.


Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir.


Naýzasynyň sapy pürs agajy ýalydy; naýzasynyň tygynyň agramy on ýedi gadak demre barabardy. Öňünde-de galkançy nökeri bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ